logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Mişan pälwanyň göteren daşy
  08.02.2023
1257
Mişan pälwanyň göteren daşy

Türkmen tebigatynyň täsinlikleri halkyň milli sungatynyň ösmegine, gaýratly, güýçli pälwanlaryň ýüze çykmagyna öz täsirini ýetiripdir. Taryhda ýurdumyzyň pälwanlarynyň käbiriniň göreşe girmezden ozal bökedaşy göterip, garşydaşyna näderejede güýçlüdigini görkezendigi ýa-da gatnawly ýollaryň üstünde ýeriň örküji ýaly bolup ýatan äpet daşlary bir tarapa süýşürendigi barada täsirli gürrüňler hem-de rowaýatlar bar. Şolaryň biri-de, Köýtendagyň Hojapil obasyna barýan ýoluň ugrundaky pälwandaşdyr. 

Agramy 584 kilograma deň bolan pälwandaş Köýtendag täsinlikleriniň biri hasaplanýar. Ony 1882 — 1917-nji ýyllarda Hojapil obasynda ýaşap geçen Ahmet hajy ogly Hudaýberdiniň — Mişan pälwanyň göterendigi barada aýdylýar.