logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /«Mitro International Limited» kompaniýasy Halkara forumyň altyn gatnaşyjysy boldy
  03.04.2023
942
«Mitro International Limited» kompaniýasy Halkara forumyň altyn gatnaşyjysy boldy

«Mitro International Limited» kompaniýasy Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça 2023-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde Dubaýda geçjek Halkara forumyň altyn gatnaşyjysy boldy.

«Mitro International Limited» kompaniýasy Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagyndaky nebit işlerine, hususan-da, gözleg, agtaryş we nebit-gaz ýataklaryny özleşdirmeklige maýa goýmaklygy maksat edinýär.

«Mitro International Limited» kompaniýasy nebit ýataklarynyň we guýularyň ylmy-barlagynyň döwrebap usullaryna aýratyn üns berýär. Gündogar Çeleken nebit ýatagyndaky taslamany ýerine ýetirmekde 70-den gowrak guýy guruldy. Gazyp çykarmagy has artdyrmak üçin, nebit ýatagynda ulanyşyň mehanizirlenen usuly elektrik hereketlendirijileriň merkezden gaçyryş sorujylaryň we sorujy çybyk nasoslaryň oturdylmagy arkaly alnyp barylýar. 

 

Gurban BEGALYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.