logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /«Mizemez gadam» hususy kärhanasy 1 million 850 müň inedördül metr izogamm öndürdi
  06.08.2022
998
«Mizemez gadam» hususy kärhanasy 1 million 850 müň inedördül metr izogamm öndürdi

Şu ýylyň başyndan bäri, «Mizemez gadam» hususy kärhanasynda 1 million 850 müň inedördül metr izogamm şeýle-de 4000 tonna suwuk bitum mastikasy öndürildi. Öndürilen izogammyň 787 müň inedördül metre golaýy, suwuk bitum mastikasynyň 1877 tonna ýakyny daşary ýurtlara eksport edildi. Ýurdumyzda öndürilýän bu önümleri, esasan, Özbegistanyň we Türkiýäniň işewürleri satyn aldylar.

Kärhanada önümçiligiň depgini geçen ýylky bilen deňeşdirilende artýar. Muňa mysal edip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 740 müň inedördül metr izogamm köp öndürildi. Suwuk bitum mastikasynyň artyk öndürilen mukdary 1027 tonna barabar boldy.

Bu ýerde keramiki plitalary ýelmemekde ulanylýan gury garyndynyň 145 tonnasy geçen ýyldakydan köp öndürildi. Ýagny, ýylyň geçen ýedi aýynyň görkezijisi 480 tonna barabar boldy. Şeýle-de 2 million 323 müň bişen kerpiç öndürilip, gurluşyk meýdançalaryna iberildi.