logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Economics /Möhüm işleriň sazlaşygy
  25.05.2022
961
Möhüm işleriň sazlaşygy

Tejen etrabynyň çäginde gowaçanyň ekiş möwsümi tamamlanyp ýokary depgin bilen ideg işleri dowam edýär. “Irki ekiş – irki hasyl” diýen pähime eýerýän tejribeli daýhanlar her bir işde tehnikanyň ygtybarly daýanç bolmagyny-da gazandylar. Häzirki günlerde bereketli hasylynyň buşlukçylaryna öwrülen ýaşajyk gowaçalaryň düýbüni ýumşatmak, hatarara sürüm geçirmek işleri-de dessine geçirilýär. Howanyň gyzyp başlamagy-da daýhanyň, ekiniň bähbidine. Sebäbi toprakda gyzgynlyk kadaly bolanda, ýaşajyk gowaçalarda kök çüýreme keseli ýüze çykmaýar. Hut şonuň üçin-de, pagtaçy daýhanlarymyzyň ruhy belent, olar her bir täze dogýan güni özleriniň kärende ýerlerinde garşy alýarlar. Ýakynda pagtaçy kärendeçiler otag möwsümine hem girişdiler. Bu işde tejribeli, ussat mehanizatorlar ýerine ýetirýär. Her düýp gowaça ýerden iki gulak bolup gögerip çykandan, daýhan ony alada bilen gurşap alýar, gymmatly altyna deňelýän pagtanyň bol hasyly ýetişdirilýär. Şu ýyl hem etrap boýunça 30 müň 100 gektar meýdanda gowaçanyň “Ýolöten -7”, “Ýolöten-14”, “Ýolöten-19” we “Ýolöten-39” sortlary ekilip, 65 müň 700 tonna “ak altyn” öndürilmegi meýilleşdirilýär. Bu ugurda öňdebaryjy daýhan birleşikleriň we hojalyklaryň hasyl ussatlary baharyň her bir gününi yhlasly zähmet bilen utgaşdyrýarlar.