logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Poetry /Mollanepesiň ömri we döredijiligi barada
  27.07.2021
7677
Mollanepesiň ömri we döredijiligi barada

Ýagny, 19-njy asyr türkmen nusgawy edebiýatynyň iň meşhur söz ussatlarynyň biri hem Mollanepesdir. Ol özüniň ýiti duýgulary, mähir-muhabbetden doly eserleri bilen türkmen şygyryýetini baýlaşdyran şahyrdyr. Mollanepes “Yşk mülkiniň şasy” diýlen belent ada mynasyp boldy. Şahyryň “dahan içre asal ezen” goşgulary, meşhur “Zöhre-Tahyr” dessany adamlaryň gözel duýgularyny, umut-arzuwlaryny, ynsanperwerligiň egsilmez güýjüni wasp edýän taglymlara ýugrulandyr.

         Mollanepes şahyr 1810-njy ýylda Sarahs töwereklerinde eneden dogulýar. Onuň kakasyna Mola Kadyrberdi diýipdirler. Ol döwrüniň iň sowatly mollalarynyň biri ekeni. Halk arasynda şahyryň kakasyna Molla Karaş hem diýlipdir. Molla Kadyrberdiniň Agajyk (Agajyk bagşy), Ödekberdi, Hakberdi we Molanepes diýen dört sany ogly bolupdyr. Şahyr dört doganyň kiçisi. Mollanepes sowatly maşgalada sagdyn terbiýe alýar. Ol oba mekdebini tamamlandan soň, Mary medresesinde okuwuny dowam edýär. Şahyr soňra Buhara şäherine gidip, Mämmetşeribiň we damla Ärnazaryň medreselerinde okapdyr.

         Mollanepes ýaşlykdan halaşan gyzy Bossantäç bilen nikalaşyp, agzybir bagtly durmuşda ýaşapdyrlar. Şahyr goşgy düzmeklige ýaşlykdan başlaýar. Ol dutar çalmagy hem şol ýyllarda öwrenipdir, soň-soňlar düzen goşgularyny heňe salyp aýtmaga-da başlapdyr.

         Mollanepes Maryda,Buharada okap, medrese bilimini ýeterlik ele alandan soňra, mollaçylyk etmek, oglan okatmak bilen meşgullanýar. Şahyryň adynyň Molla bölegi hem şu kesp-käri bilen baglanyşyklydyr. Ol wagtynyň belli bir bölegini saz-sungatyna, edebi-döredijilige bagyşlapdyr. Mollanepes söýgi we ahlak meselesine bagyşlap döreden “Bäri gel”, “Haýrana galar”, “Nazar kylsa dişleriňe”, “Söwdügim”, “Gitdim”, “Gülden uýalar”, “Rehim etmezmiň halyma” we “Ýadyma düşdi” ýaly birnäçe çeper goşgularynda gelin-gyzlaryň görk-görmegi, adamkarçilikleri, el hünärlerini taryplamak bilen bir wagtda, erkin-azat, dünýewi söýgi meselerini hem orta atypdyr.