logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Nature /Mongoliýada soňky 50 ýylyň iň sowuk gyşy
  24.03.2024
701
Mongoliýada soňky 50 ýylyň iň sowuk gyşy

Halkara Gyzyl Haç federasiýasy Mongoliýanyň soňky ýarym asyryň iň sowuk gyşyny başdan geçirýändigini habar berdi. Federasiýanyň habaryna görä, aşa agyr şertler sebäpli Mongoliýada 4,7 milliondan gowrak haýwanyň heläk bolandygyny mälim etdi. Sowuk howa şol sanda azyk üpjünçiligine hem uly howp salýar.

 

 

 

 

“Dzud” diýlip atlandyrylýan agyr howa şertleri, öri meýdanlaryny gurşap alýan we mallaryň iýmitlenmeginiň öňüni alýan howanyň peselmegi şeýle-de çuň ýagan gar we buz bilen häsiýetlendirilýär.

 

 

 

Mongoliýanyň takmynan 300 müň ilaty çarwa çopanlardan ybarat. Bu adamlar iýmitlenmek şeýle-de bazarda satmak üçin mallaryna, geçilerine we atlaryna bagly bolup durýar. Gyşyň has sowuk gelmegi ýerli ilata ýaramaz täsirini ýetirdi.

 

 

"Dzud" ýurduň dörtden üç bölegine täsir etdi, ýöne gyşyň dowam etmegi bilen şertleriň ýaramazlaşmagyna garaşylýar. Bahar gelse-de, Mongoliýada ýerler gar we buz bilen örtülen.

 

Şaperi DÖWLETOWA, 
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.