logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Politics /Moskwada ýylyň şygaryna bagyşlanan çäre geçirildi
  23.02.2026
297
Moskwada ýylyň şygaryna bagyşlanan çäre geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi hem-de Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy.

 

Çärä jemgyýetçilik we akademiki düzümleriň wekilleri, atçylyk boýunça bilermenler, türkmen diasporasynyň agzalary, talyplar hem-de KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi E.Aýdogdyýew çykyşynda 2026-njy ýylyň şygarynyň ýurduň ösüş depginini we milli gymmatlyklaryny beýan edýändigini aýtdy. Şeýle-de bitaraplygyň hukuk-syýasy esaslary we onuň parahatçylygy pugtalandyrmakdaky orny barada giňişleýin gürrüň etdi.

 

Dabarada türkmen talyplary «Rowaç» goşgusy esasynda taýýarlanan edebi-sazly çykyş bilen çykyş etdiler. Şeýle hem atçylyk pudagynyň rus bilermenleri ahalteke bedewleriniň taryhy, aýratynlyklary we dünýä medeniýetindäki ornuny nygtadylar. Ahalteke atçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

 

Bibinabat NURMYRADOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.