logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Mübärek Gadyr gijesi haçan?
  08.04.2022
10143
Mübärek Gadyr gijesi haçan?

Mälim bolşy ýaly, Oraza aýy dowam edýär. Mukaddes Oraza aýynyň içinde sogaply gije hasaplanylýan gije Gadyr gijesi hasaplanylýar. Ata-babalarymyz Gadyr gijesi barada aýdyp: “Her gijäni Gadyr bil, her kimsäni Hydyr bil” diýipdirler.

Oraza aýynyň 26-syndan 27-sine geçýän gijesi, Gadyr gijesi hökmünde kabul edilip ykrar edilipdir. Gadyr gijesinde, kaza we nepil namazyny okamak sagaplydyr. Bu nepil namazyny iki rekagatdan başlap, isledigiňçe okamagyň sogaby uludyr.

Bu ýyl Mübärek Gadyr gijesi 27-nji aprelden 28-nji aprele geçilýän gijä gabat gelýär.

Baýram namazynyň wagtlary:

Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça Baýram namazy: 06:55

Balkan welaýaty boýunça Baýram namazy  :07:10

Daşoguz welaýaty boýunça  Baýram namazy: 06:45

Mary welaýaty boýunça Baýram namazy :  06:45

Lebap welaýaty boýunça  Baýram namazy: 06:35

Türkmenbaşy şäheri boýunça Baýram namazy : 07:20