logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Mukamlar köşgünde aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi
  17.05.2023
797
Mukamlar köşgünde aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi

16-nji maýda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Ol türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň hem-de molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlandy.

Aýdym-sazly dabaraly maslahat başlanmazdan ozal, oňa gatnaşyjylar Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Bu ýerde milli senetçileriň, şol sanda türkmen zenanlarynyň zehininden we yhlasyndan dörän dürli önümler, amaly-haşam sungatynyň eserleri, milli kümüş şaý-sepler görkezildi.

Dabaraly maslahatyň dowamynda sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Şonda «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans topary, ýurdumyzyň meşhur aýdymçylary, «Laçyn» folklor topary çykyş etdiler. Maslahatyň dowamynda wäşiler toparynyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Ependiniň ýomaklaryny ýerine ýetiren artistleriň çykyşlaryny tomaşaçylar dowamly el çarpyşmalar bilen alkyşladylar.