logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Interesting /Mundan ozal adyny hem eşitmedik miweleriňiz!
  24.03.2023
1335
Mundan ozal adyny hem eşitmedik miweleriňiz!

Ýyldyz miwesi – oxalis maşgalasyna degişli bu miwe ananasa meňzeş bolup, Hindistan we Şri-Lanka ýaly sebitlerde has köp duş gelýär. Ýyldyz miwesi budistler üçin aýratyn ähmiýete eýedir. 

Longan (Aždarha gözi) miwesi Daşky görnüşi bilen ünsi özüne çekýän bu miwe, käbir sebitlerde pişigiň gözi hökmünde hem bellidir. Aždarha gözi miwesiniň Günorta-Gündogar Aziýa hasaplanylýar. 

Cupuaçu miwesi – kakao noýbasyna meňzeýän bu miwäniň watany Günorta Amerika bolup, bu miwäniň ysy köplenç süýjüliklerde ulanylýar. 

Myrica Rubra – Hytaýyň garry miwesi hökmünde häsiýetlendirýän bu miwesi C witamine örän baý bolup, onuň ýetişýän agajy gyşda hem gök öwüsýär. 

Ake miwesi – Ýamaýka üçin mahsus ýörite miwe hökmünde bellidir. Miwäniň içki böleginde gyzylja şänikler bolup ol miwäniň özeni hasaplanylýar. Bu miwäniň diňe daşky bölegi iýilýär. 

Durian miwesi – süýümiň çeşmesi bolup, ol günorta-gündogar Aziýada, Malaýziýada, Taýlandda we Wýetnamda ösdürilip ýetişdirilýär. Ýetişdirilýän sebitlerinde bu miwe «miweleriň şasy» hökmünde bellidir. Şeýle hem durian miwesi özboluşly ysy bilen hem meşhurdyr. 

 

Aýjeren MYRADOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.