logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Müňlerçe Aýazbaba ylgawa gatnaşdy
  06.12.2022
1024
Müňlerçe Aýazbaba ylgawa gatnaşdy

Täze ýylyň barha golaýlamagy bilen Angliýanyň Liverpool şäherinde geçirilýän çärä gatnaşmak üçin müňlerçe adam köçelere çykdy.

Aýazbabanyň geýimini geçen iňlisler hezil edip, gowy ýatlamalary ýygnamak üçin Täze ýyl ylgawyna gatnaşdylar. Ylgawa birnäçe aýdym-saz toparlary hem gatnaşdy.

Ylgawyň esasy maksady «The Brain Charity» atly gurama kömek we serişde ýygnamak boldy. Ylgawa gatnaşanlara gurama tarapyndan Aýazbabanyň geýimi mugt berildi. Angliýanyň köçelerinde jemi 5 müňden gowrak Aýazbaba ylgap, olar haýyr-sahawat topladylar.

Belläp geçsek, Angliýada iň uly we iň uzyn Aýazbabalaryň Täze ýyl ylgawy 2005-nji ýylda bolup, ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.