logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Muskyň baýlygy 200 milliard dollardan peseldi
  10.11.2022
1364
Muskyň baýlygy 200 milliard dollardan peseldi

Geçen sişenbe güni Elon Musk-yň girdejisi 200 milliard dollardan gowrak peseldi. Munuň sebäbi bolsa maýadarlaryň «Tesla»-nyň paýnamalaryny satmagy boldy. Musk-yň häzirki girdejisi 194,8 milliard dollar bolup durýar. Onuň 15 göterimi «Tesla»-nyň paýyna düşýär. Kompaniýanyň paýnamalary soňky 24 sagatda 5% ýitgi çekdi.

Musk şu ýylyň aprel aýynda takmynan 8,5 milliard dollar we awgust aýynda 6,9 milliard dollarlyk «Tesla»-nyň paýnamalaryny satypdy.  Elon Musk-yň girdejisiniň peselmegi bilen ol entegem dünýäniň iň baý adamy bolmagyna galýar. Eger Elon Musk, ýene 40 milliard dollar ýitirse onda ol dünýäniň iň baý adamy ady ýitirýär.