logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Müsür Ortaýer deňzinde tebigy gaz gorlaryny tapdy
  16.12.2022
958
Müsür Ortaýer deňzinde tebigy gaz gorlaryny tapdy

Müsüriň nebit we mineral serişdeler ministrligi Ortaýer deňzindäki Nergis guýusyndan tebigy gaz gorlaryny tapdy. Bu barada, Müsüriň «Al-Ahram» gazeti şeýle-de nebit we mineral serişdeler ministrligi habar berýär.

Täze tapylan guýuda 3,5 trillion kub metr gaz gorunyň bardygy çak edilýär.  Müsüriň nebit we mineral serişdeler ministrligi ilkinji deňiz buraw guýusy bolan Zohr ýatagyndan soň täze tapylan tebigy gaz gorunyň iň möhüm açyşdygyny belläp geçýär.

Mälim bolşy Zohr ýatagy 2015-nji ýylda Italiýanyň «Eni» kompaniýasy tarapyndan tapylypdy.