logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Müsürde çägeli tupan
  05.06.2023
847
Müsürde çägeli tupan

Müsürde bolan çägeli tupan 4 adamyň aradan çykmagyna we 3 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

«El-Yevm Es-Sabi» gazetinde çap edilen habara görä, çägeli harasat Al-Şarkiýa welaýatynyň Al-Kurin etrabynda, ýurduň demirgazygyndaky Menufiye welaýatynyň Şüheda etrabynda we Ismaýilliýe şäherinde adaty durmuşa ýaramaz täsirini ýetiripdir.

Müsüriň Ýerli ösüş ministrligi adaty durmuşa ýaramaz täsirini ýetiren çägeli tupan sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Ministrligiň beren beýanynda çägeli harasat sebäpli paýtagt Kairiň hem käbir köçeleriniň ulanyp bolmajak derejä ýetendigi mälim edilýär.