logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Müsürde täze piramida we ýüzlerçe mumiýa tapyldy
  18.11.2022
1813
Müsürde täze piramida we ýüzlerçe mumiýa tapyldy

Adamzat taryhynyň iň uly we iň syrly siwilizasiýalarynyň biri bolan Gadymy Müsürde täze açyşlar edildi. Arheologlar müsürli faraon Tutankhamunyň mazarynyň töwereginde köp sanly tabyt we täze mumiýalaryň ötügini tapdylar. Şeýle hem bu ýerde täze piramida hem tapyldy.

Tapylan mumiýalaryň köpüsi Tutankhamunyň iň ýakyn harby egindeşlerine we geňeşçilerine degişlidir diýlip çaklanylýar.

Gazuw-agtaryş işlerini geçiren Zahi Hawass, 9-18 metrden ybarat ötüklerde we jemi 300 tabydyň tapylandygyny belläp geçdi. Bu tabytlaryň her biri miladydan öňki 1500-nji ýyldan 1070-nji ýyla çenli dowam eden Gadymy Müsürdäki «Täze Patyşalyk» döwrüne degişlidir.

Tapylan tabytlaryň hersi ýörite bezegler bilen bezelen. her tabytda içindäki adamyň ady, käbirinde bolsa jesedi göteren adamyň ady bar. Arheologlar, mumiýalaryň beýleki mumiýalar bilen deňeşdirilende gaty gowy saklanandygyny aýdýarlar. Mundan başga-da, tabytlarda dürli şekiller we heýkeller bar.

Täze gazuw-agtaryş işleri netijesinde öň näbelli we eşidilmedik şa aýalyna degişli piramida hem tapyldy. Arheologlar şa aýalynyň adynyň «Neith»-digini we bu adyň şu wagta çenli hiç bir arhiwde agzalmandygyny aýdýarlar.