logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Muzeý gymmatlyklaryna sarpa
  17.12.2022
877
Muzeý gymmatlyklaryna sarpa

Ata-babalarymyzyň galdyryp giden golýazmalaryna, taryhy gymmatlyklaryna, medeni mirasyna nazar aýlasaň, türkmen halkynyň geçmişde ençeme şöhratly döwletleri gurandygyna, öz mukaddesliklerini apalap saklandygyna göz ýetirýärsiň. Taryhyň syrly sahypalaryna näçe içgin aralaşdygyňça, ata Watanyň abadanlygy, il-günüň asudalygy üçin göreşen merdana gerçekleriň, ady älem içre ýaň salan şahsyýetleriň bolandygyna göz ýetirýärsiň. Diýmek, türkmen halkynyň öz geçmişine buýsanmaga ynamly gadamlar bilen öňe gitmäge doly haky bardyr.

Muzeý işgärleriniň uzak ýyllaryň dowamynda türkmen halkynyň milli mirasynyň gadymdan galan nusgalaryny il içinde toplap, muzeý gymmatlyklarynyň üstüni ýetirip durmakdaky gözlegli işleri, şol gymmatlyklaryň her biri dogrusynda geçirýän ylmy derňewleri geçmiş taryhymyzy, milli däp-dessurlarymyzy öwrenmekde örän ähmiýetlidir.

Milli gymmatlyklary toplamak, ylmy taýdan öwrenmek, olaryň takyk hasabyny ýöretmek hem-de geljekki nesle ýetirmek we dünýä ýaýmak muzeý işgärleriniň öňünde duran esasy wezipedir. Muzeýe barýan raýatlar hemişe täzeçilligiň gözlegindedirler. Şonuň üçin döredilen muzeýler ýa-da gurnalýan sergiler ýaşlaryň döredijilik işjeňliginiň höweslendirilmegine, milli mirasymyzyň öwrenilmegine we umuman, ruhy taýdan ösüşe hyzmat etmelidir.

Umuman aýdanymyzda, islendik halk üçin onuň gadymy geçmişinden galan gymmatlyklaryň goralmagy möhüm wezipedir. Geçmişden galan miras hazynasyny gazuw-agtaryş işlerinde tapýan arheologlarymyza, olary bejerip, arassalap, görer göze gelüwli şekile getirýän ussalarymyza alkyş aýdyp, ol tapyndylary muzeýlerde edil gözleriniň göreji ýaly saklaýan, ajaýyp geçmişlerine buýsanýan kämil muzeý işgärleri bilen agzybir işleýändigimize örän buýsanýarys. 

 

Enejan ASGAROWA,

Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni 
öwreniş muzeýiniň hünärmeni.