logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Muzeý- taryhymyzyň mukaddes ojagy
  11.12.2021
662
Muzeý- taryhymyzyň mukaddes ojagy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda beýleki ugurlar bilen birlikde geçmiş taryhymyzy içgin öwrenmek, milli medeniýetimizi döwrebap ösdürmek meseleleri örän wajyp wezipelere öwrüldi.   Taryhy gymmatlyklaryň baý mirasyny özünde jemleýän muzeýler geçmişine we häzirki ajaýyp döwürüne belent sarpa goýýan her bir adamda uly gyzyklanma döredýär. Şoňa görä-de biziň bagtyýar döwrümizde muzeýleriň sany barha artýar.

 Ýakynda daşary ýurtda ýaşaýan türkmen doganlarymyzyň hem-de Babadaýhan etrabyndaky köpçülikleýin we şahsy agzalarynyň gatnaşmaklarynda Babadaýhan etrabynyň Täze ýol geňeşligindäki Berdimuhammet Annaýew adyndaky muzeýinde köpçülikleýin gezelenç çäresi guraldy. Taryhy syýahatyň dowamynda Garaşsyzlyk, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini, ata-babalarymyzdan miras galan medeni gymmatlyklarymyzy we  gelin-gyzlaryň-şu günki ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligi, watansöýüjilik, mertlik, gahrymançylyk hakyndaky ýatlamalary, öwüt-ündewleri ýaş nesilleri ata Watany jan-dilden söýýän, bu mukadesslikleri gorap saklaýan, ýokary ahlakly, ilhalar adamlar edip ýetişdirmekde, agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmakda örän uly ähimiýete eýedir. Taryhy gezelenjiň ahyrynda halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatýan, ýurdymyzyň abraý-mertebisini belende galdyrýan, homatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. Ýurdumyzyň hemişe parahat bolup, Gahryman arkadagymyzyň beýik işleriniň barha rowaç bolmagyny arzuw etdiler.