logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Muzeýdäki duşuşyk
  01.03.2020
924
Muzeýdäki duşuşyk

      Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Bilim bölümi etrabyň  “Täze ýol” obasynda ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky  muzeýde duşuşyk gurady. Duşuşyga  etrabyň 16-njy orta mekdebiniň ýokary synp mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

     Hemişelik Bitaraplygymyzyň 24 ýyllygyna bagyşlanyp “Mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň nusgalyk ömür ýoly” ady bilen geçirilen duşuşykda çykyş edenler halypa mugallymy ýagşylykda ýatladylar. Berdimuhamet Annaýewiň okadan okuwçysy,  ýaşy  90-na golaýlan, halypa mugallym Meret Baýramowyň mähriban mugallymy baradaky  ýatlamalary  bu ýere ýygnananlarda  ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Ýaşlyk ýyllaryny topraga bagyş eden  tejribeli  daýhan  Goçmyrat Orazgeldiýew daýhançylyk, ene toprak   hakynda  aýdanlary mekdep okuwçylarda uly gyzyklanma döretdi.

       Duşuşykda  hemişelik  Bitaraplygymyzyň taryhy  ähmiýeti  barada  giňişleýin çykyşlar hem edildi. Duşuşyga  gatnaşanlar muzeýdäki B.Annaýewiň ömri we  durmuş  ýoly  bilen  baglanyşykly  taryhy  tapyndylary  içgin  synladylar. Muzeýiň  gözegçisi  Hoşgeldi  Ýazçyýewiň täsin  tapyndylar,  Berdimuhamet  Annaýewiň  ömür  ýoluny  açyp  görkezýän  arhiw  resminamalary   baradaky  gürrüňlerini  höwes bilen  diňlediler.