logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Muzeýdäki duşuşyk
  25.08.2020
845
Muzeýdäki duşuşyk

      Şu hepdäniň başynda Akwekil oba taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde oba ýaşulylary, oba saglyk öýüniň lukmanlary bilen obanyň ýaş nesli bilen özara duşuşyk geçirildi.

          Duşuşyga obanyň sylagly ýaşulylary Agamyrat Öwezgeldiýew, Bäşim Wekilow, Aga Kelhanow oba lukmany Narly Ataýew gatnaşdylar.

          Ol ýerde ilki bilen muzeýiň işine ekskursiýa gurnaldy, Türkmen halkynyň medeni mirasyny, däp-dessurlaryny söhlelendirýän eksponatlar hakynda ýaşulylar ýaşlara gürrüň berdiler.

          Bu medeni çäräniň dowamynda häzirki wagtda bütin adamzada howp salýan wehim bolan öýken keseli babatda hem gürrüň edildi. Ýaşulylar we lukman Narly Ataýew dagy häzirki wagtda radioda, telewýaýlymda berilýän çagyryşlara düşündirişlere eýerip edilýän talaby doly we dogry berjaý etmelidigini ýaşlara pugta sargadylar. Lukmanyň gürrüň bermegine görä, Ýurdumyzda bu wehime garşy lukmançylyk arassaçylyk çäreleriniň berk gözegçiligi dürli garaýyş çäreleri geçirilýändigi doly düşündirildi.

          Duşuşyga gatnaşan ýaşlarymyz we beýleki adamlar geçirilen gürrüňlerden hoşal boldular. Olar hem öz gezeginde ilat arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirjekdiklerini aýtdylar.

          Oba arçynlarynyň ýardam bermeginde şeýle çäreler oba muzeýinde aýma-aý geçirmeklik göz öňünde tutulýar.