logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Nagyşlara siňen taryh
  11.05.2022
1416
Nagyşlara siňen taryh

      Gadym döwürde hünärmentçilik ilatyň zerurlyk hajatlaryna, isleglerine baglylykda böleklere bölünipdir. Çarwalaryň, şeýle-de oturymly şäherdir oba ýaşaýjylarynyň özboluşly senedi bolupdyr. Olaryň bir birine täsirli hem güýçli bolupdyr.  Keşdäni alyp göreliň. Asyrlaryň dowamynda kemala gelen ajaýyp nagyşlarymyz inçeligi, nepisligi bilen häzir hem göreni haýran galdyrýar. Çünki olar sungat derejesine göterilipdir. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem çeper keşdelenen gadymy nagyşlaryň asyl nusgalary geljekki nesillerimiz üçin goralyp saklanylýar. Nagyş hyýaly hem şertli sungat bolsa-da, şol bir wagtyň özünde anyk dünýäden hem bütinleý üzňe däldir. Gadymy adamlaryň nagyşlary nyşan-alamat    ýa-da hat hökmünde şertli belgileriň üsti bilen ulanmaklary olaryň dünýägaraýşyny kesgitleýär.
 “Goçak” nagşy el işleriniň ähli görnüşine salynsa-da, olaryň esasy orun tutýan ýeri kürteler hasaplanýar, Käbir ýerlerde maşgalanyň goragçysy hökmünde dag tekeleriniň we goçlaryň şahlary derwezeleriň üstünde berkidilip goýulýar. “Goçak” nagşy barada halk arasynda giňden belli bolan bir hekaýatda şeýle gürrüň berilýär: gadymy döwürde bir çopan bilen çoluk bar eken. Bir gün irden çoluk sürini örüzip, örä sürüp ugraýar. Birdenem, çoluk görýän zadyna ynanmajak bolýar. Görse, öňden barýan goçuň şahyna  bir uly ýylan oraşyp, başyny ýokaryk tutup barýan eken. Mallar suw içmäge suwa inse, ýylanam goçuň şahyndan düşüp, soňra ýene goçuň şahyna oralyp oturyberýär eken. Çoluk bu wakany çopana gürrüň berýär. Çopan esli wagt oýlanýar-da, ol: “Näme üçin ýylan goçuň şahyna münüp otyrka?!” diýip, haýran galýar. Çopan şol goçuň şahyny ezizläp, öýüniň garşysyndaky dagdan agajyna gelşirip, asyp goýýar. Çopanyň aýaly goçuň şahynyň öwrümli şekilini nagşa geçirýär. Ine, şeýdip “goçak” nagşy döränmiş diýýärler. Mukaddes türkmen tamdyrynyň gapdallarynada “goçak” nagşy salynýar. Şeýlelikde, amaly-haşam sungatynyň baý nagyşlary türkmen halkynda irki döwürlerden bäri saklanyp galandygyna bu hekaýat aýdyň şaýatdyr.