logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /NAH ÝÜPLÜKLER ÖNDÜRILÝÄR
  21.07.2020
840
NAH ÝÜPLÜKLER ÖNDÜRILÝÄR

Tejen şäherindäki S.Demreli adyndaky pagta egirme fabriginda alnyp barylýan işleriň talabalaýyk bolmagyna uly aladalar edilýär. Bu ýerde öndürilýän önümleriniň hiliniň ýokary bolmagyna aýratyn üns berilýär. Şonuň üçin hem bu fabrikda öndürilýän önümler diňe bir ýurdumyzyň dokma senagatyny üpjün etmän, eýsem, daşary ýurtlaryň Russia we Türkiýe ýaly uly döwletleriň dokmaçylary hem uly isleg bildirýärler. Ol döwletleriň dokma senagaty işgärleriniň isleglerini kanagatlandyrmak üçin fabrigiň işçi hünärmenleri birleşen tagalalaryny gaýgyrmaýarlar.

         Fabrikda jemgyýetçilik guramalary tarapyndan öňdebaryjylary yzygiderli höweslendirip durulýar. Özara bäsleşikli işler bolsa, işçi hünärmenleri hemişe üstünliklere atarýar. Bu fabrikda öndürilýän 14, 20, 34 belgili ýüplüklerň hiliniň hemişe ýokary bolmagyna getirýär. Munuň özi bolsa ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtly dokma senagatynyň işgärleriniň bu önüme bolan isleglerini artdyrýar. Munuň şeýledigine birnäçe daşary ýurtly dokma senagatynyň işgärleriniň, şeýle hem Hytaý döwletleriniň dokmaçylarynyň isleg  bildirmekleri hem doly şaýatlyk edýär.