logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Society /Namazgadepe arheologik ýadygärligi
  23.05.2020
1708
Namazgadepe arheologik ýadygärligi

     Namazgadepe Kaka etrap merkezinden 7 kilometr çemesi günbatarda, 70 gektar meýdany tutup ýatan Namazgadepe örän uly ähmiýetli, ajaýyp täsinlikleri bilen tapawutlanýan arheologiýa ýadygärligidir. Namazgadepe Orta Aziýada ykdysady we medeni ösüşiň ilkinji nobatda bir ýere jemlenip, şäheri emele getiren ýeridir. Türkmenistanyň iň gadymy döwri-ekerançylyk işleriniň ýüze çykyşy öwrenilende “Namazgadepe medeniýetiniň” deňeşdirmek üçin ölçeg birligi hökmünde alynmagy ýöne ýerden däldir. Sebäbi Namazgadepe ýadygärliginiň biziň eýýamymyzdan öňki V müňýyllykdan başlanýan taryhy bar. Biziň eýýamymyzdan ozalky III müňýyllygyň ortasynda Namazgadepede ýaşaýyş düýpli özgerýär. Bu ýerde ilki bilen ilatyň sany artyp, gurluşyk işleri ýaýbaňlanýar. Eýýam köp otagly jaýlar, köçeler, kwartallar, suw geçiriji keramiki turbalar peýda bolýar. Namazgadepe biziň eýýamymyzdan ozalky III müňýyllygyň ahyrynda II müňýyllygyň başynda özüniň ykdysady we medeni ösüşiniň iň ýokary derejesine baryp ýetipdir. Gadymy Gündogaryň şäher siwilizasiýasy şu ýerde emele gelýär. Bu ýerden tapylan monjuklar, toýundan ýasalyp bişirilen şekiller, möhürler, daşdan ýonulyp ýasalan täsin tapyndylar ruhy medeniýetiň ösüşindäki ajaýyplyklary şöhlelendirýär.

         Bürünç eýýamynyň giçki döwründe biziň eýýamymyzdan ozalky II müňýyllygyň ahyrynda Namazgadepe ykdysady we medeni ösüş kem-kemden pese düşüpdir. Şeýle ýagdaý Altyndepäniň taryhynda-da gaýtalanýar. Başda belläp geçişimiz ýaly, Namazgadepe arheologiýa ýadygärligi heniz düýpli öwrenilmedik ýadygärlikdir. “Namazga” sözüniň manysy hakynda. “Namazga” aslynda “namazgäh” sözi bolup, onuň “namaz okalýan ýer” diýen manysy bardyr. Bu ýere ýakyn oturan Abiwerd şäheriniň ilaty irki orta asyrlarda eýýäm göçülenden soň, çig kerpiçden gurlan köşgi-eýwanlary, kaşaň ymaratlary weýran bolup, eräp, topraga öwrülip, depe bolup galan gadymy şäheriň ornunda mukaddes ýer hökmünde metjit gurupdyrlar we ol ýere namaz okamaga barar ekenler. Seýil edilýän ýere “seýilgäh” diýilişi ýaly, namaz okamaga barylýan ýere-de “namazgäh” diýmek orta asyrlarda ýörgünli bolupdyr.