logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Interesting /Näme üçin adamlar köplenç bir elinden peýdalanýarlar?
  09.04.2022
1044
Näme üçin adamlar köplenç bir elinden peýdalanýarlar?

Adamlar, köplenç gündelik durmuşda sag ýa-da çep ellerini ulanmagy makul bilýärler. Şeýle-de bolsa, adamlaryň köpüsi (takmynan 85%) esasan sag elini ulanýarlar, çep elini ulanmagy makul bilýänleriň paýy bolsa gaty pes bolup durýar.

Adamlaryň näme üçin köplenç bir elini ulanýandyklary barada dürli pikirler bar. Bir elden peýdalanmaklyk köplenç adamlara çagalykdan galan endik hasaplanylýar.

Adamlarda bir eliň genetiki esasyny kesgitlemek üçin geçirilen gözlegler, bu ýagdaýda dürli genleriň rol oýnaýandygyny görkezýär. Bu genler bedenimizdäki organlaryň simmetrik däl ýagdaýynda we şekilinde hem rol oýnaýar diýip pikir edilýär. “PLOS Genetics” žurnalynda çap edilen gözlegde, “PCSK6” atly geniň bedeniň sag we çep bölekleriniň arasynda görünýän asimmetriýanyň döremeginde has täsirli bolandygy anyklandy. Gözlegçiler, “PCSK6” we beýleki genlerdäki mutasiýanyň, adamyň bedeninde görünýän asimmetriýa täsir edýär diýip pikir edýärler. Şol sebäpden adamlar sag ýa-da çep elini ulanýarlar.

Şeýle-de bolsa, birmeňzeş ekizleriň DNK yzygiderliligine garamazdan hemişe bir elleri ulanmaýandyklary, bu aýratynlygyň diňe genler tarapyndan kesgitlenmeýändigini görkezýär. Mundan başga-da, sag eli bilen deňeşdirilende çep eli ulanýan adamlaryň sanynyň gaty az bolmagynyň sebäbi entek doly anyklanylmady.

Ogulşeker SAPARMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.