logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Interesting /Näme üçin deňizlerde tizlik birligi hökmünde “knot” ulanylýar?
  16.03.2022
1370
Näme üçin deňizlerde tizlik birligi hökmünde “knot” ulanylýar?

Knot - deňizde we awiasiýada ulanylýan tizlik birligidir. 1 knot 1852 metr ýa-da 1 sagatda geçilen 1 deňiz miline deňdir.

Häzirki wagtda deňiz ulaglarynyň tizligini dürli usullar bilen ölçäp bolýar. Şolaryň biri bolan global ýerleşiş ulgamynda (GPS) belli bir döwürde ulagyň ýagdaýynyň üýtgemegi hemra arkaly kesgitlenip bilner we tizligi hasaplanyp bilner. Şeýle-de bolsa, GPS ulgamynyň taryhy köne däl. Ilkinji GPS hemrasy 1978-nji ýylda uçuryldy we bu ulgam diňe 1990-njy ýyllaryň ahyryna çenli erkin ulanyldy.

Deňizde tizlik birligi hökmünde “knot” ulanylmagynyň taryhy has gadymydyr. Deňizçileriň 1600-nji ýyllardan bäri gämileriň tizligini ölçemek üçin uzyn “parkete” diýlip ýörite guralyň ulanylandygy mälimdir. Bu ulgam ýüpüň ujuna daňylan üçburç agaç böleginden we bir sagada barabar çäge sagadyndan ybaratdy. Ýüpüň uzynlygynda deň aralykda (takmynan 14,4 metr) daňylan düwünler bardy. Gämi hereket edip barýarka, ýüpüň ujundaky agaç bölegi gäminiň arkasyndan suwa taşlanýar we deňziň üstündäki ýüpüň düwünleri belli bir wagt aralygynda (30 sekunt töweregi) sanalýar. Bu wagta aralygy bolsa çäge sagady bilen ölçelýär. Mysal üçin, 30 düwün 30 sekuntda sanalsa, gäminiň tizligi 10 düwün hökmünde görkezilýär. Bu usul bilen ölçelýän 1 düwün, 1 sagadyň içinde takmynan 1 deňiz miline deňdir.

Bu usuldaky ölçeg birnäçe gezek gaýtalanýar we netijäniň ortaça mukdary bilen gäminiň tizligini takyk ölçäp bolýar.

Gülnur AŞYRMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.