Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Gyz-gelinler — milli bitewüligiň we dowamlylygyň nyşany ✦ ✦ Energetika howpsuzlygy we sebit durnuklylygy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Näme üçin taýajyklar peýdalanylýar?
  20.02.2023
1070
Näme üçin taýajyklar peýdalanylýar?

Gadymy döwürlerden bäri Hytaýda we Ýaponiýada naharlanylanda taýajyklar bilen iýmeklik adaty bir zat. Taýajyklar bilen iýmekligiň peýdaly tarapy, birinjiden, taýajyklar islendik agaçdan aňsatlyk bilen ýasalýar, ikinjiden, onuň bilen ​​çeýnäp biläýjek mukdardan has köp nahar alyp bolmazlygy, üçünjiden, ol saglyk üçin peýdaly, ýagny hytaýly lukmanlaryň pikiriçe, taýajyklary ulanýan adam nahar iýip otyrka, eliň 40 töweregi myşsalaryny hereketlendirýär. Şeýle-de taýajyklar bilen iýmekligi öwrenip başlan çagalaryň adaty çemçe bilen iýýänlerden has çalt ösýändigi subut edildi. Mundan başga, taýajykklar bu ýurtlarda özboluşly simwoliki many berýär. Täze durmuşa guranlara, sazlaşygyň we aýrylmazlygyň nyşany hökmünde taýajyk berilýär. Taýajyklar ýerli ýaşaýjylar tarapyndan «kuaiszi» diýlip atlandyrylýar. Gadymy hytaý akyldary Konfusiý hem taýajyklar bilen iýmitlenmegiň naharyň lezzetini artdyrýandygyna ynanypdyr. Hytaýda taýajyklar bilen iýmeklik iýmite bolan minnetdar garaýyşy görkezýär. Sowgat gutularynda adatça iki jübüt «kuaiszi» taýajyklary satylýar. Her taýagyň inedördül ýokarsy we tegelek düýbi bolup, kwadrat ýokarky ujy taýagyň stoldan gaçmagynyň öňüni alýar. Tekiz kesilen aşaky bölegi bolsa iýlende agyz synasyna şikes ýetmek howpuny aradan aýyrýar.

Taýajyklar diňe bir agaçdan däl, süňkden we hatda metaldan hem ýasalýar. Gonkongyň Golliwud ýolunda gadymy farfor «kuaiszi» satyn alyp bilersiňiz. Häzirki wagtda dürli bezegli reňkli taýajyklar meşhur syýahatçylyk önümidir.

Taryhy tarapdan dürli döwürlerde taýajyklar dürli materiallardan ýasalypdyr, ýöne ýeňil bambuk taýajyklary wagt synagyndan geçip, ähli wagtda hem amatlylygy bilen tapawutlanypdyr. Miladydan öňki XVII-XI asyrlarda Şan dinastiýasynyň döwründe taýajyklar şol döwürdäki iň gymmat material hasaplanylan pil süňkünden ýasalypdyr. Günbatar Çžou dinastiýasynyň döwründe bolsa b.e.öň. XI-VIII asyrlarda taýajyklar bürünçden ýasalyp, ol imperiýanyň aýratyn statusa eýe bolan alamaty hasaplanypdyr. Soňra bolsa, wagtyň geçmegi bilen taýajyklar ýasalanda kümüş ulanylyp başlanypdyr. Umuman, häzirki wagtda taýajyklar bu ýurtlarda iň bir ýörgünli önümleriň biri hökmünde arzylanýar. 

 

Oguljan GELDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.