logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Narda şypa bar
  07.11.2020
1256
Narda şypa bar

      Güýz pasly dürli ir-iýmişleriň bişýän döwri. Bu döwürde miweleriň içinde iň ýokumlylarynyň biri bolan naryň ýetişmegi tebigatyň adam bedeni üçin edýän täsin goldawlarynyň biridir. Sebäbi nar bedeni berkitmek üçin zerur bolan zatlara baý. Ir döwürlerden bäri melhemlik täsiri bilen belli bolan nar agajynyň ortaça 100 ýyl ömri bar. Gün şöhlesi az düşse, bu agaç güllemeýär. Gadymyýetde nar agajynyň owadan däneli miwelerini derman hökmünde giňden ulanylypdyr. Naryň üýtgeşik tarapy onuň köpugurly ulanylyş aýratynlygydyr. Ondan mata boýaglaryda, dermanlyk içgileri-de, başga-da köp zatlar taýýarlanylýar.

         Naryň düzümine adamyň bedeniniň kadaly işlemegi üçin zerur bolan ýokumlaryň, minerallaryň we mikroelementleriň köp mukdary girýär. Onda bar bolan esasy ýokum-A, E, K witaminleridir. C witamini naryň düzüminde has köp bolup, ol immun ulgamyny, B 6 nerw ulgamyny berkidýär. Nar däneleri B topar witaminleriň uly toplumyny özünde saklaýar. Şonuň ýaly-da bu miwede kaliý, magniý, marganes, ýod, demir ýaly ýokumly elementleriň köp mukdary jemlenendir. Naryň şiresi işdäni açýan we iýmit siňdiriş ulgamyna aşgazan turşusynyň pese düşen ýagdaýynda kömek edýän peýdaly turşulyklara baýdyr. Nar ýürek-damar ulgamy üçinem diýseň peýdaly.

Naryň 10 peýdasy:

  • Gemoglabini ýokarlandyrýar;
  • Gan basyşyny sazlaýar we damarlaryň daralmagynyň öňüni alýar;
  • Ýatkeşligi gowulandyrýar, ünslüligi we beýni işjeňligini artdyrýar;
  • Ýürek-damar ulgamynyň işini sazlaýar;
  • Damarlaryň diwarlaryny berkidýär;
  • Bedeniň garramagyny haýallandyrýar;
  • Aşgazanyň iýmit siňdirişini gowulandyrýar;
  • Immun goraglylygyny ýokarlandyrýar;
  • Gan emele getiriş işine oňyn täsirini ýetirýär;
  • Bogunlaryň çişmesinde agyryny ýeňilleşdirýär.