logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Narpyz barada
  21.07.2021
2591
Narpyz barada

     Narpyz - dodak gülliler maşgalasyna degişli bolan hoşboý ysly köpýyllyk ösümlikdir. Bu ösümlik yzgary, ýagtylygy we mes topragy halaýar. Köpelişi boýunça wegetatiw we tohumynyň üsti bilen köpelýär. Türkmen halky narpyzy guradyp we owradyp dürli keselleri bejermekde peýdalanypdyrlar. Narpyzy dürli tagamlary taýýarlanlarynda hem ulanypdyrlar. Ol iýmiti gowy siňdirmäge we adamyň iýmiti işdämenlik bilen kabul etmegine, şeýle-de aşgazan, içege ýollarynyň sökelliklerinde örän uly peýda berýär. Munuň üçin narpyzyň    5-10 gramyny ýarym litr gaýnag suwa çaý ýaly demläp içmek bolar. Ony nahardan 30 minut öň içmek maslahat berilýär. Narpyz ösümligi nerw dartgynly adamlarda nerw dartgynlygyny gowşatmak maksady bilen, şeýle-de dem alyş ýollarynyň sowuklamalarynda, diş agyryda agzyňy narpyzly suwa çaýkamak arkaly peýdalanylýar. Dem alyş ýollarynyň dürli sökelliklerinde hem narpyz giňden peýdalanylýar. Sebäbi onuň gakylyk goparyjy häsiýeti, şeýle-de dürli bakteriýalary gyryjy häsiýeti hem bar. Narpyz kelleagryny, garyn-içege kesellerini, içgeçme, ýürek-damar näsazlygyny, öýken, böwrek, bagyr, guragyry ýaly keselleri bejermekde gowy peýda berýär. Ol öz düzüminde mentol maddasyny saklaýar. Ýabany narpyzyň düzüminde mentoldan başga-da pinen, limonen, phelladren, terpenler ýaly ýaglar bardyr. Şu hem narpyza özboluşly ajaýyp ys berýär. Narpyzyň  öz düzüminde saklaýan şeýle ýokumly maddalary dürli keselleri bejermekde, dem alyş ýollarynyň dykylmalaryny açmakda, dem alyş ýollaryndaky dürli sowuklamalary bejermekde örän giňişleýin peýdalanylýar.