logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /«NASA» başga planetalylar üçin ýörite topar döretdi
  26.10.2022
1448
«NASA» başga planetalylar üçin ýörite topar döretdi

Gadymy döwürlerden bäri adamlar kosmosda Ýerden başga planetalarda ýaşaýşyň barlygy baradaky dürli garaýyşlar bilen ýaşap gelýärler. Bu mesele boýunça entek anyk bir zat tapylmasa-da, şu wagta çenli dünýäde başga planetalylar bilen baglanyşykly birnäçe wakalaryň bolandygy öňe sürülýär.

Amerikanyň Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş guramasy «NASA» başga planetalylary gözlemek, tapmak, anyklamak üçin ýörite topar düzdi. Topar näbelli hereket edýän asman jisimlerini derňär.

Häzirki wagtda bu toparyň 16 sany agzasy bar. Topara agza adamlar edýän işlerini gizlin alyp bararlar. «NASA» bu taslama üçin 100 müň dollar töweregi maýa goýum goýdy.