logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /«NASA» - Mars syýahatyny 45 güne çenli azaldar!
  24.01.2023
996
«NASA» - Mars syýahatyny 45 güne çenli azaldar!

«NASA» ilki Aýa, soňra bolsa Marsa kosmonawt ibermek isleýär. «NASA»-nyň «Artemis» diýlip atlandyrylýan bu taslamanyň çäginde etmek isleýän ilkinji işi, Aýyň günorta polýusyna gonmak bolar.

«NASA» - «Artemis» taslamasy bilen Aýda hemişelik gurluşlaryň düýbüni tutmak, ýaşamak üçin şert döretmek we bu ýerden bolsa adamlary Marsa ibermek bolup durýar.

Häzirki tehnologiýa bilen Marsda adamsyz ulaglar öz syýahatyny 7 aý dowam edýär. Adamly syýahatda bu döwür azyndan 9 aýa çenli ýokarlanar diýlip çaklanylýar. Bu, Marsda ýaşaýan kosmonawtlaryň Ýer bilen arabaglanyşygyny ep-esli gowşadýar.

«NASA»-nyň ýadro hereketlendirijisi taslamasy Ýer bilen Marsyň arasyndaky syýahaty 45 güne çenli azaldyp biler. Ýadro ýylylyk we ýadro elektrik hereketi (NTP / NEP) düşünjesi diýlip atlandyrylýan ulgamda, Marsa syýahatyň 45 güne çenli azaldylyp bilinjekdigi mälim edildi. Bu taslama Florida uniwersitetiniň alymlaryna degişli bolup durýar. 

 

Döwletmyrat ATAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.