logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Interesting /Ne garpyz, ne-de hyýar...
  21.04.2022
1650
Ne garpyz, ne-de hyýar...

Hyýar bilen garpyzyň çaknyşdyrylmagy netijesinde emele getirilen bu gibrid – çyzykly melotriýa diýlip atlandyrylýar. Gibridiň ylmy ady Melothria scabra bolup, ol köplenç “cucamelon” ady bilen tanalýar, ýagny iňlis dilindäki “cucumber-hyýar” hem-de “watermelon-garpyz” diýen iki sözden gelip çykan. Onuň daşy garpyza, içi bolsa hyýara meňzeş bolup, özboluşlylygy bilen görenleri haýran edýär. Dadyp görlende tagamy hyýar bilen garpyzyň ikisiniň-de tagamyny ýatladýar, emma biraz turşumtyk tagamy-da bar. Meksikada oňa meksikan turşy hyýary hem diýilýär. Melotriýa esasan Merkezi hem-de Günorta Amerikada köpçülikleýin ösdürilýär. Ilkinji gezek Meksikada, Merkezi Amerikada we Afrikada ýetişdirilip, soňra Ýewropa ýaýraýar. Ölçegi üzümiň ululygynda - 4 sm çenli bolýar. Daşky reňki garpyzyňky ýaly bolup, kiçijik garpyza çalym edýär, içi hem edil hyýaryňky ýalydyr. Adaty hyýar hem-de garpyz bilen deňeşdirilende ony ýetişdirmek hem aňsatdyr. Oňa az tehniki hyzmaty ýetirseň hem hasyl berýär. Gurakçylyga çydamly bolup, direg berlen ýagdaýynda dyrmaşyp ösýär. Miwelerini yzygider iýmeklik ýürek-damar ulgamynyň kesellerine gowy täsir edýär, gan basyşyny dikeldýär, howply çiş keselleriniň hem öňüni almaga ýardam edýär, gandaky holesteriniň derejesini peseldýär. Ýöne miwesiniň kaloriýalylygy pes bolup, ol 15 kkal deňdir. Düzümi boýunça melotriýa ýaglara, uglewodlara, beloklara, magniý, demir, fosfor, natriý, kaliý, kalsiý ýaly minerallara, B9 we C witaminlerine baýdyr. Şeýle-de onuň düzüminde belli bir derejede süýüm hem toplanýar. Melotriýa örän peýdaly hem-de berhizlik iýmit bolup, ol artykmaç agramy azaltmaga kömek edýär. Emma aşgazan keselleri bolan adamlar ony iýmekden saklanmalydyr. Melotriýa ter görnüşinde, duza ýatyrylan görnüşinde, dürli işdäaçarlar taýýarlananda giňden ulanylýar.

Babajan Abdullaýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy