Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň möhüm ugry
  28.05.2025
170
Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň möhüm ugry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz, Baky Bitarap ýurdumyz – Türkmenistan ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly gadam goýýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, ony döwrebaplaşdyrmak we sanly ulgam bilen utgaşdyrmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde öňe sürülýär. Ýurdumyzyň ähli ykdysady pudaklarynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, aýratyn-da, nebitgaz senagatynda döwrebap tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen has-da çalt depginde ilerleýär. Ýangyç-energetika toplumy ykdysadyýetiň esasy sütünleriniň biri bolup, onuň kämilleşdirilmegi we täzelenmegi döwletimiziň umumy ösüşine uly täsir edýär. Bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy tejribesi hem-de innowasion usullar giňden peýdalanylýar.

 

Şu günki gün ýurdumyzda gaýtadan işleýän pudaklaryň ösüş depgini barha ýokarlanýar. Munuň özi täze senagat desgalarynyň gurulmagy, döwrebap önümçilik kärhanalarynyň işe girizilmegi bilen aýdyň ýüze çykýar. Şeýle senagat toplumy diňe bir içerki sarp edijileri üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurt bazarlaryna ýokary hilli önümleriň çykarylmagyna hem giň ýol açýar. Uglewodorod serişdelerine baý ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumy Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda toplumlaýyn we uzak möhletli ösüş strategiýasyny üstünlikli amala aşyrýar. Gaz we nebit serişdeleriniň öndürilmeginden başlap, olaryň gaýtadan işlenmegine, şeýle-de eksport ugurlarynyň giňeldilmegine çenli ähli tapgyrlarda öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

 

Pudagyň ösüşini üpjün etmek üçin ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze känler özleşdirilýär. Bu işler ýurdumyzyň energetika garaşsyzlygyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, halkara energetika hyzmatdaşlygynyň täze basgançaklara çykmagyna mümkinçilik döredýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň energiýa serişdelerine bolan islegiň artýan şertlerinde, bäsleşige ukyply we ýokary hilli önümçilik düzümleri döredilýär. Nebitgaz pudagynda alnyp barylýan işler ýaşlar üçin hem täze mümkinçilikleri döredýär. Ylym-bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, tehniki hünärleriň ösdürilmegi bilen ýaşlaryň bu pudaga bolan gyzyklanmasy artýar. Bagtyýar ýaşlara döwrebap bilim almaga, täze tehnologiýalar bilen işleşmäge, Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmaga ähli mümkinçilikler döredilýär.

 

Ýusup ATAÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň
Nebit we gaz fakultetiniň mugallymy.