logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Nemes dilini netijeli öwrenmegiň usullary
  15.09.2025
3642
Nemes dilini netijeli öwrenmegiň usullary

Häzirki zaman dünýäsinde daşary ýurt dillerini öwrenmek diňe bir gündelik aragatnaşygy ýeňilleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, bilim almak, täze mümkinçilikler döretmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin hem zerurdyr. Ýewropanyň iň giňden ýaýran dillerinden biri bolan nemes dili ykdysadyýetde, ylym-bilimde we sungatda uly ähmiýete eýedir. Şol sebäpli dünýäniň köp ýurtlarynda ol ikinji daşary ýurt dili hökmünde öwredilýär. Bu ugurda täze usullar, innowasion çemeleşmeler öwrenijilere dili çalt we netijeli özleşdirmäge ýardam berýär.

 

Nemes dilini öwrenmegiň häzirki zaman usullarynyň biri kommunikatiw metodika bolup, onuň maksady dil öwrenijini başlangyç döwürden başlap gürrüňdeşlige taýýarlamakdyr. Bu usulda grammatikadan has köp gepleşik, dialog we real ýagdaýlary janlandyryjy oýunlar ulanylýar. Mysal üçin, okuwçylar “dükan”, “myhmanhana”, “mekdep” ýaly durmuşda ýygy-ýygydan ulanylýan ýagdaýlary nemes dilinde janlandyrýarlar.

 

Nemes dilindäki çeper filmleri, maglumat beriji wideolary görmek we podkastlary diňlemek diliň tebigy seslenişine öwrenişmäge ýardam edýär. Mysal üçin, Deutsche Welle (DW) nemes dilini öwrenýänler üçin ýörite gepleşikleri we ses ýazgylaryny hödürleýär.

 

Oýun elementlerini öwreniş prosesine goşmak dili özleşdirmäge bolan gyzyklanmany artdyrýar. Tapgyry-papgyry geçen saýyn bal ýygnamak, täze derejelere çykmak, öňdebaryjylar sanawyna girmegiň özi hem motiwasiýa döredýär.

 

Nemes dilini diňe sapak wagtynda däl-de, gündelik durmuşda hem ulanmak iň netijeli usullaryň biridir. Mysal üçin, öýdeki zatlara nemesçe at ýazyp goýmak, gündelik ýazuwlary (plan, bellik, hat) nemes dilinde ýazmak öwrenijiniň ýatda saklaýyş ukybyny güýçlendirýär.

 

Nemes dilini ikinji daşary ýurt dili hökmünde öwrenmek häzirki wagtda diňe bir kitap bilen däl, eýsem, multimediýa serişdeleri, sanly tehnologiýalar, sosial ulgamlar arkaly has netijeli amala aşyrylýar. Esasy zat – öwreniji üçin gyzykly we yzygiderli okuw gurşawyny döretmekdir. Täze usullar diňe söz baýlygyny artdyrmak bilen çäklenmän, sözleýiş endiklerini hem ösdürýär.

 

Mähri MEREDOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.