logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Nepislik sungaty – türkmen halysy
  29.11.2023
672
Nepislik sungaty – türkmen halysy

Türkmen halkynyň maşgala terbiýesi, halypa şägirtlik ýörelgesi örän inçe ýol bolup, oňa berilýän üns mydama ýokary bolupdyr. Gözbaşyny gadymýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan türkmen halkynyň haly dokamak sungaty hem maşgala ojagynda eneden gyza öwredilýän ilkinji ussatlyk sapagydyr. Yhlas siňdirilip, sünnälenip dokalan halylar türkmeniň sowulmajak bahar ýaly gözel görkli dünýäsini görkezýär.  

 

 

Öz goýnunda dürli görnüşli haly gymmatlyklarynyň iki müňden gowragyny jemleýän Türkmen halysynyň Milli muzeýi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe diňe bir halkymyzyň däl, eýsem daşary ýurtly jahankeşdeleriň hem ünsüni egleýän, iň arzyly ýerine öwrüldi. Muzeýiň gapysyndan giren badyňa Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan orun alan äpet haly nagyşlaryň jadyly dünýäsine syýahata alyp gidýär. Bu ýerde haly görnüşleriniň örän owadanlygy, çylşyrymly geometriki şekilleri, berkligi, reňkleriniň öwüşginliligi hiç bir ynsany biparh goýmaýar.  

 

 

Milli guwanjymyz bolan nepis halylarymyzy dünýä ýaýýan, milliligimizi gorap saklaýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

 

Ogulşirin HUDAÝBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetik institutynyň
Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 
MH toparynyň 4-nji ýyl talyby.