logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Nesillere edebi miras
  27.03.2023
2603
Nesillere edebi miras

Türkmen edebiýaty, onuň söz ussatlary barada gürrüň edilende, ilki bilen, Magtymguly Pyragy ýadyňa düşýär. Sebäbi ol durmuşyň ähli meselelerinden baş alyp çykan ussat şahyr. Onuň kämil döredijiliginde kyblasy Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eseriniň täsiri uludyr. Ýaşlaryň kalbynda watansöýüjiligi kemala getirmekde, olara edep öwretmekde, asylly terbiýe bermekde Döwletmämmet Azadynyň döredijiligi hem uly ähmiýete eýedir.

Türkmen halkynyň söýgüli şahyry, akyldary Magtymgulyny terbiýeläp ýetişdiren Döwletmämmet Azady öz döwrüni iň görnükli alymy hem-de zehinli şahyry bolupdyr. Ol ilki oba mekdebinde okap, soňra medresede düýpli ylym alypdyr, iliniň hormatly ýaşulusy, köpçüligiň hemaýatçysy, geňeşdary bolupdyr.

Döwletmämmet Azadynyň umumadamzat derejesindäki çuň manyly pikirleri öz eserlerinde şöhlelendirmegi başaran ussatdygy mälimdir. Azadynyň türkmen nusgawy edebiýatynyň pelsepe we jemgyýetçilik-syýasy pikiriniň ösüş taryhynda bitiren hyzmatlary örän uludyr. Şahyryň şygyrlarynyň has çuň derejedäki ylmy mazmuny, içki pikirini Gündogar edebiýatyna mahsus bolan tymsallar, rowaýatlar, taryhy gürrüňler arkaly beýan etmegi, eserlerinde çeperçilik serişdeleriniň giň gerimliligi onuň öz döwrüniň okumyş we şahyr kişisi bolandygyndan habar berýär.

Döwletmämmet Azady diňe bir ussat şahyr däl, eýsem, ähli babatda halypa, mugallym mertebesine galan beýik şahsyýetdir. Onuň köptaraply görüm-göreldesi baha bererden has ýokarda durýar. Kämil şahsyýeti terbiýelemegiň milli usul-tärleri Döwletmämmet Azadynyň eserlerinde mynasyp beýan edilipdir. Azadynyň filosofiýasy pragmatik nukdaýnazardan seredeniňde, has döwrebap filosofiýadyr. Dünýä, taryh, millet, din, döwlet, medeniýet, adamzat, adam ýaly düýpli meselelerde onuň filosofik pikirleri türkmen ruhyýetinden gelip çykýan garaýyşlary özünde jemleýär. 

 

Döwletgeldi NURBERDIÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.