Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Nowruz baýramçylygy
  23.03.2022
909
Nowruz baýramçylygy

Nowruz baýramçylygy öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdyp, häzirki wagtda ýurdumyz bilen bir hatarda (pars dilinden terjime edilende Täze gün diýmegi aňladýar) Owganystan, Eýran, Azarbeýjan, Gruziýa, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan, Gazagystan we ş.m. ýaly döwletlerde uly dabara bilen bellenilip geçilýär.

Taryhda, bu baýramçylyk barada Zoroastrizmiň mukaddes kitaby bolan “Awissena” ýyl ýazgylarynda agzalyp geçilýär (b.e.ö. IX-IV). Gadymy grek taryhçysy we geografy Strabon (b.e.ö. 64/63 –b.e.23/24) we şahyr, filosof, matematik, astronom we astrolog Omar Haýýam (1048-1131) Nowruz hakda ýazypdyrlar. Gündogaryň beýik akyldary Ferdöwsi bolsa: “Jemşit özüniň gylyjyny aždarha uranda, oňa degmän daşa degip, ot syçrapdyr we şol gün hem gije bilen gündiziň deňleşen güni eken, şondanam Nowruz emele gelipdir” diýipdir. Beýik serkerde we akyldar şahyrymyz Baýram han hem Nowruzy wasp edip şygrynda:

Bu gün baýram, bu gün Nowruz, bu gün toy,

Gaýgy-gamsyz şatlyk eder her bir öý —

diýipdir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hem Nowruz baýramyny wasp eden “Nowruzdan seni”, “Jahan peýda”, “Günähim güzeşt eýle” atly goşgularyny görkezmek bolar.

Nowruzyň gelmegi, bahar paslynyň gelmegidir. Bahar paslynyň gelmegi bilen güller açylýar we ýerler ýaşyl dona bürenip, tebigat oýanýar. Agaçlar tomusky eçiljek miwelerini düwüp başlaýar.

Nowruz baýramçylygy 2010-njy ýylda  BMG-niň goldamagy bilen “Halkara Nowruz güni” diýlip yglan edildi we her ýylyň 21-nji martynda dünýäniň köp halklary tarapyndan bellenilip geçilýär. Şeýle-de, dünýäniň on iki döwletiň goldamagy bilen bolsa Nowruz baýramçylygy ÝUNESKO-nyň umumadamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Nowruz baýramçylygy dünýäniň köp halklary tarapyndan bellenip geçilse-de, onuň belleniliş däplerinde tapawutlanýan ýerleri hem bardyr.  Meselem: Eýran Yslam Respublikasynda Nowruz “Täze ýyl” hökmünde 13 günläp bellenilýär, ýöne olaryň içinden altylanjy gün Zoroastrizm dininiň meşhur pygamberi Zoroastranyň doglan güni hasaplanyp, bellenýär. Owganystanda bu baýramçylyk “Ekiş güni” ýa-da “Daýhanlaryň güni” hasaplanylyp, agaç ekilip garşylanýar. Täjigistanda Nowruz gününde ýaşlar, ýetginjekler baýra çykyp, baharyň ilkinji buşlukçylary bolan gülleri ýygyp, çemen bogýarlar. Gazagystanda Nowruz baýramçylygyny ak eşik geýip garşylaýarlar. Azarbeýjan, Gyrgyzystan we Tatarystanyň halkalary bu baýramy deňziň kenarynda aýdymly-sazly, şowhunly şagalaňly belleýärler.