Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦ ✦ Türkmenistanda maldarçylygyň ekologiýa taýdan durnuklylygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ «Bitaraplyk — dillerimiziň senasy» atly iňlis dili bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen talyplary nazary mehanika boýunça VI halkara olimpiadada üstünlik gazandylar ✦ ✦ Arkadag şäherinde Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi ✦ ✦ Hytaý we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Nowruz baýramçylygynyň taryhy
  16.03.2025
824
Nowruz baýramçylygynyň taryhy

Nowruz adamzadyň taryhynda dörän ilkinji hem gadymy baýramlaryň biridir. Nowruz baýramy ilkinji gezek ynsanlaryň dünýä ýaýran ýeri bolan Mesopotamiýada sümerler tarapyndan bellenilipdir. Sümerler bu baýramy “Akitil​” diýip atlandyrypdyrlar, “Til” sümer dilinde ýaşamak we täzeden dogmak diýen manysyny aňladýar. 2010-njy ýylda BMG tarapyndan baýram diýlip yglan edilmegi bu baýramyň döreýşi hem bellenilişi baradaky maglumatlaryň içgin öwrenilmegini has-da artdyrdy.

 

Musulman dünýäsinde Nowruz baýramynyň döreýşi barada birnäçe ynançlar, rowaýatlar bar. Rowaýatlardan çen tutulsa: Nowruz ynsan-Adam atanyň hamyrynyň ýugrulan günümiş, Ýusup pygamberiň guýydan, Ýunus pygamberiň balygyň garnyndan çykan günümiş​, Nowruz Nuhyň​ tupanyndan soň, suwuň çekilendigini, topragyň gurandygyny şeýle-de, baharyň gelendigini, täze güni buşlan gögerçiniň şahajyk getiren günümiş​.

 

Nowruz dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň kalbynda we hakydasynda ençeme asyrlar bäri ýaşap gelýän iň gadymy baýramlaryň biridir. Gözelligiň we joşgunly ýaşaýşyň bu nurana baýramy ýurdumyzda halklary birek-birege ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini hem-de zähmetsöýerligi rowaçlandyrýan, dünýä derejesinde dostluga we hoşniýetlilige çagyrýan halkara baýramlaryň biridir. Türkmen taryhynda bahar baýramynyň birnäçe ady saklanyp galypdyr:togsan doldy, türkmen Nowruzy, çarwa Nowruzy, arkaç Nowruzy, (esasy Nowruz), Ýüpek Nowruzy (ekerançylyk Nowruzy), çiltek​ Nowruzy, oguz güni, ýazbaşy​, erkin gün. Bularyň içinde baýramçylygyň soňky ady has-da gyzyklydyr.

 

Goý Milli bahar baýramy, Halkara Nowruz güni her bir türkmen ojagyna egsilmez bagt, rysgal, bereket, bagtyýarlyk getirsin!

 

Gülbahar ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň hünärmeni,
Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.