logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Nowruz geldi diýara
  30.03.2020
1680
Nowruz geldi diýara

Nowruz geldi diýara 

     Bahar paslynyň gelmegi bilen mydama-da ýaşaýşyň täzeden başlanýan başlangyjy bilen baglanyşygy, täzeden döreýişiň alamaty hökmünde özi bilen diriligi we şatlygy getirýän Nowruz baýramy ýurdumyzyň ähli künjeginde uly şatlyk, şowhum bilen bellenilip geçilýär. “Türkmenistan Bitaraplygyň -mekany” ýylynda hem, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, milli nowruz baýramy Kaka etrabynyň ýaşyl mahmala bürenen Giňdere ýaýlasynda uludan toý edilip tutulmagy şatlyga öwrüldi. Gadymdan gelýän milli däp-dessurlary görkezmek bilen Nowruz baýramynda Kaka etrabynyň Medenýet bölüminiň sungat işgärleriniň, teatr-studiýanyň artistleriniň , kitaphana işgärleriniň, çagalar sungat mekdepleriniň gatnaşmagynda türkmen milli toýlarynyň milli däp-dessurlaryny görkezýän “Türkmen toýlary” folklor çykyşlaryndan başlap, türkmen gelin-gyhzlarynyň ümede üýşüp el hünärlerini görkeýän çeper elli halyçylyk sungaty, ýüň saýmak, darak daramak, gamyş dokamak, keçe güllemek, ýüň boýamak ýaly el işleri bilen meşgul bolmak, ümede monjuk atmak, läle kakmakm ýaly görkezýän çykyşlary bilen dowam etdirildi. Nowruz baýramy türkmen halky bellände aýdym-saz bilen belläpdirler, ine, bu gün hem şirwan perseli dutarly sazandalarymyz şirwan owazlaryny baýrama goşup toýa gelen halkyň göwnünden turýan sazlar bilen çykyş etdiler. Bellenilip geçilen baýramçylyk dabarada türkmen Ak öýlerini dikmek, hiňňilikde uçmak ýaly türkmen milli däp-dessurlary ýerine ýetirildi. barýan işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris.