Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli at çapyşygy geçirildi ✦ ✦ Zergärçilik däbiniň täze rowaçlyklary ✦ ✦ "Türkmennebit" we "PETRONAS" Nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar ✦ ✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ Türkmen türgenlerimiziň nobatdaky üstünligi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Nowruz  geldi  ilime
  20.03.2023
1111
Nowruz  geldi  ilime

Berkarar  döwletimiziň  täze  eýýamynyň  galkynyşy  döwründe  Tejen  etrabymyzyň çäginde  baýramçylyk  dabarasy  geçirildi. Her  bir  toý-dabaralarymyzyň, baýramlarymyzyň  arzysyny  artdyrýan  güller bolsa  göwünleriň  ganaty. Munuň  aýdyň alamaty hökmünde  gujagy  gülden dolup  gelen  Milli  bahar baýramyny  belläp, baýramçylyk dabarasynda  rysgal, bereket bolçulygyny aňladýan  dürli tagamlar taýýarlamak  üçin  toý gazanlary ataryldy. Nowruzyň  esasy  tagamy  bolan semeniniň taýýarlanylşy we  onuň  bilen  baglanyşykly  rowaýatlaryň, yrymlaryň  aýdylmagy  bolsa biz  dabara  gatnaşyjylarda  uly  gyzyklanma  döredi. Milli  bahar  baýramy  mynasybetli baýramçylyk  saçagy  ýazylyp, onuň  başyna  edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik  guramalarynyň  işgärleri, ýaşuly nesliň  wekilleri  ýygnandylar hem-de  medeniýet  we  sungat işgärleriniň  taýýarlan  ýörite  çykyşlary  şatlyk-şowhun  bilen  başlanyp, onda gutlag  sözleri  aýdyldy.

Milli  bahar  baýramy  mynasybetli  dabaranyň  ahyrynda  dabara gatnaşanlaryň  ählisi  Watanymyzyň  gülläp  ösmegi, halkymyzyň  asuda, parahat, eşretli  durmuşda   ýaşamagy ugrunda  alyp  barýan  beýik  işleri  üçin hormatly  Prezidentimiziň  janynyň  sag, ömrüniň uzak  bolmagyny, il  bähbitli, ýurt  ähmiýetli  işleriniň  rowaç almagyny  arzuw  etdiler.     

 

Bägül  GURBANOWA,

Türkmenistanyň  Kärdeşler  arkalaşyklarynyň 
Ahal  welaýatynyň  Tejen  etrap   
birleşmesiniň  işgäri.