Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Frankfurtda “Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri” forumy üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradow «Geljegiň mirasy» halkara baýragyna mynasyp boldy ✦ ✦ TSTP-da startapçylaryň arasynda duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Sanly çözgüt—2025” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi ✦ ✦ Milli oýunlaryň çaga terbiýesindäki orny ✦ ✦ «Türkmentel – 2025» öz işine başlady ✦ ✦ Pekinde «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty – 2025» atly halkara çäre geçirildi ✦ ✦ Sanly dolandyryş ulgamynda döwletiň täze ösüş tapgyry ✦ ✦ TDEI-de bag ekmek dabarsy geçirildi ✦ ✦ Mekdebe çenli ýaşlarda çagalar üçin milli oýunlaryň ähmiýeti ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Nowruz geldi ilime
  22.03.2024
533
Nowruz geldi ilime

Owadan Diýarymyzyň gözelligine üýtgeşik öwüşgin çaýýan Halkara Nowruz baýramy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Dana pederlerimiz müň ýyllyklaryň dowamynda “Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň ýaz”, “Ýylyň gelşi Nowruzdan bellidir” ýa-da “Nowruz gelse, buz durmaz” ýaly nakyllary döredipdirler. Türkmen halkynyň ýyl senenamasynda örän ähmiýetli orny eýelemek bilen, Nowruzda gadymdan gelýän däp-dessurlar uly şatlyk-şowhuna beslenip ýerine ýetirilýär. Nowruz baýramynyň terbiýeçilik ähmiýeti hem örän uly bolup, bu baýramçylykda ýerine ýetirilýän gadymy dessurlarda ýagşy niýetlere ýugrulan isleg-arzuwlar jemlenýär.   

 

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda hem Halkara Nowruz güni ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilýär. Türkmen halkynyň ussat şahyrlarynyň şygyrlarynda, bagşy-sazandalarynyň hoş owazlarynda giňden waspy ýetirilýän Nowruz baýramynda gadymy Oguz   ýaýlalary haly göllerini ýadyňa salýan gül-gunçalara beslenýär. Şeýle bagtyýar durmuşy peşgeş beren, milli mirasymyzy umumyadamzat gymmatlyklarynyň derejesine göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Mahym Annadurdyýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.