logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Nowruz geldi ülkäme
  25.03.2021
2372
Nowruz geldi ülkäme

      Kalplarymyzy heýjana salýan, göwünlerimize ganat baglaýan Milli Bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bosagamyzda. Ata Watanymyzy gül pürçege besleýän bu baýramda türkmeniň gadymy ýaşaýşynyň çeper keşbi bar. Nowruz halklary birleşdirýän, adamzadyň kalbynda jomartlygy, parahatlyk söýüjiligi, özboluşly dünýägaraýyşy kemala getirýän, tebigat bilen adamlaryň arasynda sazlaşygy saklamaga çagyrýan baýramdyr. Häzirki günlerde hem ýurdumyzyň dürli künjeginde Milli bahar baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralary uludan bellenilýär. Şeýle dabaralaryň biri hem Sarahs etrap hakimligininiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda etrabyň Medeniýet öýünde Milli bahar baýramy ýagny Nowruz baýramy mynasybetli “Nowruz geldi ülkäme” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy gurmaçylykly  geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna medeniýet sungat işgärleri çykyş edip, aýdym-sazly çykyşlarda türkmen halkymyzyň milli däp-dessurlaryny wasp edýän çykyşlara giň orun berildi. Baýramçylyk dabarasy etrabyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren joşgunly çykyşlary bilen dowam etdi. Joşgunly aýdym-sazlarda nurana Watanymyzyň ösüşleri , asuda asmanymyzyň we eşretli zamanamyzyň waspy belentden ýetirildi.