logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Nowruz- parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy
  22.03.2024
640
Nowruz- parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy

Her  milletiň bakylygy onuň milli gymmatlyklaryna goýýan sarpasyna, hormatyna baglydyr. Çünki halk, millet hut şolar bilen özünoň aňyrsyny, aslyny dabaralandyrýar, şu günümize many çaýýar, geljeginiň ygtybarly binýadyny gurýar

 

Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen medeniýeti” atly kitabynda “Sözüň hakyky manysynda, asyrlaryň dowamynda türkmen toý-baýramlarynyň özboluşly dessurlary we olary berjaý etmegiň tertip –kadalary  kemala gelipdir. Şolaryň biri taryhda öçmejek yz galdyran oguz han-begleriniň we seljuk soltanlarynyň döwründen bäri rowaçlanyp gelýän tebigatyň goýnundaky ajaýyp ýaýlarda toý tutmak däbidir” diýip belleýşi ýaly, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan asylly däp-dessurlaryň aglabasy tebigat bilen baglanyşykly. Ykballarymyza siňen milliligiň özenini düzmekde aýratyn uly ähmiýete eýe bolan baýramçylyklaryň biri-de Milli bahar baýramy-Nowruz günüdir.

 

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda hem bagtyýarlygyň, egsilmez berekediň, bolçulygyň  nyşany  bolan Milli bahar baýramy uly joşgun bilen bellenýär. Biz hem täzelenişiň alamaty bolan Nowruz baýramynyň hemmeleriň durmuşyna täze bagt getirmegini arzuw edýäris!

 

Gülçemen PARAHADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.