logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /«NUMA GmbH» syýahatçylyk kompaniýasy Türkmenistana gyzyklanma bildirýär
  09.03.2024
697
«NUMA GmbH» syýahatçylyk kompaniýasy Türkmenistana gyzyklanma bildirýär

Germaniýanyň «NUMA GmbH» syýahatçylyk kompaniýasy türkmen syýahatçylyk agentlikleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. Kompaniýanyň müdiri Daliýa Altuntepe Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk bölüminiň hünärmenleri bilen sanly ulgam arkaly geçiren ýygnagynda Türkmenistana syýahat etmek üçin esasanam taryhy, medeni we tebigy ýadygärliklere baryp görmäge gyzyklanma bildirdi.

 

Dalia Altuntepe kompaniýanyň esasy maksady Germaniýany, Awstriýany we Şweýsariýany öz içine alýan DACH sebitinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiligini özüne çekiji ýer hökmünde köpçülige tanyşdyrmakdan ybaratlygyny belläp geçdi.

 

Kompaniýa bu maksada ýetmek üçin marketing çärelerinden peýdalanar, potensial syýahatçylar ýurduň dürli syýahatçylyk teklipleri, medeni gymmatlyklar we milli däp-dessurlar bilen tanyşar.

 

Taraplar «NUMA GmbH»-iň türkmen syýahatçylyk hünärmenleri bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygynyň täze syýahatçylyk ugurlaryny ösdürmäge we Türkmenistanyň täze syýahatçylyk ugurlaryny mahabatlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini nygtadylar.

 

Güljennet ATAMURADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.