logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Interesting /Numerologiýa näme?
  06.03.2023
1214
Numerologiýa näme?

Sanlar we olaryň ýüze çykarýan geometriki arabaglanyşyklary adamzat durmuşynda uly orun eýeleýär. Sanlar biziň ýaşaýşymyzy şekillendirip, gelejegi öňünden görmäge kömek edýär. Durmuşyň kynçylyklary, adamlaryň aýratynlyklary numerologiýa ylmyna esaslanyp öwrenilýär, çözülýär diýsek ýalňyşmarys.

Her adamyň doglan günündäki sanlar olaryň ykbalyna gönin täsir edýär diýip numerologlar belläp geçýär. Sanlar ulgamynda 1-den 9-a çenli san hereket edip olaryň her biri dürli manylary aňladýar. 

Numerologiýa ylmy adamlara: 

1) Öz kemçiliklerine düşünip artykmaçlyklaryny bolsa ýüze çykarmaga ýardam edýär.

2) Durmuş ýoluny (karýerasyny) haýsy ugurdan dowam etse ösüşde boljakdygyny, haýsy tarapdan kynçylyk çekjekdigini bilmäge ýardam edýär.

3) Zerur kararlary kabul etmegiň wagtyny bilmäge kömek edýär.

4) Haýsy günleriň seneleriň şadyýan geçjekdigini bilmäge kömek edýär.

5) Gamgyn we aladaly günleriň haýsy senelere gabat geljekdigini hasaplap öňünden çäre görmeklige ýardam edýär.
 

Sanlaryň gizlinligi we we olarda bar bolan syrlar gadymy döwürlerde hem bilim adamlarynyň ünsüni özüne çekipdir. Gadymy Hindistanda, Müsürde, Gresiýada sanlar bilen bagly Arifmomatika ylmy döräpdir.

Numerologiýa ylmy grek akyldary Pifagor tarapyndan öwrenilipdir. Pifagor esasan 22-lik sana uly üns beripdir. Ol 22-ni 7 bölmek bilen Pi - hemişelik sany tapypdyr. Gadymy araplar hem 22-ni üýtgeşik san hasaplapdyrlar. Araplaryň ilkinji elipbiýinde hem 22 sany harp bolupdyr. 

 

Mukam ERKINOW, 

S.A.Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Türkmenabat agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň talyby.