logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Agriculture /Oba hojalygy pudagynyň innowasion ösüşi
  23.01.2026
309
Oba hojalygy pudagynyň innowasion ösüşi

Häzirki döwürde oba hojalyk pudagynyň öňünde duran möhüm wezipeleriň biri önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak we tebigy serişdeleri tygşytly peýdalanmak arkaly durnukly ösüşi üpjün etmekden ybaratdyr. Ilatyň sanynyň artmagy we howa şertleriniň üýtgemegi oba hojalygynda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň zerurlygyny ýüze çykarýar.

 

Türkmenistanyň oba hojalyk syýasatynda innowasion çemeleşmelere aýratyn ähmiýet berilýär. Sanly dolandyryş ulgamlarynyň, häzirki zaman suwaryş tehnologiýalarynyň hem-de ylmy esaslandyrylan agrotehniki çäreleriň önümçilige ornaşdyrylmagy ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

 

Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşini üpjün etmekde ylmy-barlag edaralarynyň işi möhüm ähmiýete eýedir. Täze sortlaryň we tohumlaryň döredilmegi, öňdebaryjy önümçilik tejribeleriniň ornaşdyrylmagy hem-de hünärmenleriň taýýarlanylmagy pudagyň ösüşiniň esasy şertleriniň hatarynda çykyş edýär.

 

Şeýlelikde, innowasiýa esaslanan oba hojalyk ösüşi azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyna hem-de durnukly ösüş maksatlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna hyzmat edýär.

 

Döwran ALLABERDIÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.