Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Oba hojalygy üstünliklere beslenýär
  28.12.2022
819
Oba hojalygy üstünliklere beslenýär

Garaşsyz ýurdumyzda oba hojalyk pudagy ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolup, häzirki wagtda, oba hojalyk toplumynyň önümleriniň eksportyny artdyrmak, importynyň möçberini azaltmak babatda Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda netijeli işler ýola goýulýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agrosenagat toplumynyň ösüşinde oba hojalyk önümleriniň ýokary hilli görnüşlerini öndürmeklige aýratyn üns berilýär. Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän önümçilikler, guşçulyk toplumlary, döwrebap ýyladyşhanalar, azyk önümlerini uzak möhletleýin saklaýan  ululy-kiçili ammarlar gurlup ulanylmaga berilýär. Oba hojalyk toplumynda hem gazanylýan belent sepgitler Arkadagly Serdarymyzyň beýik özgertmeleriniň oňyn netijesi bolup durýar. Eziz Diýarymyzda agrosenagat toplumyny ösdürmek meselelerine döwlet derejesinde uly ünsüň berilmegi netijesinde edermen daýhanlaryň, oba zähmetkeşleriniň yhlasly, irginsiz zähmet çekmekleri mynasyp goldaw tapýar. Toplumy düýpli özgertmeklige gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi häzirki wagtda Watanymyzda oba hojalyk pudagynda önüm öndürmeklige isleg bildirýän raýatlaryň sanynyň yzygiderli artmagyny şertlendirýär. Çuňňur oýlanyşykly ýöredilýän oba hojalyk syýasaty Arkadagly Serdarymyzyň bu bu iri ulgamy özgertmek ugrunda alyp barýan işleriniň esasy bölegi bolmak bilen, ýurdumyzyň oba hojalygynyň çalt depginlerde ösdürmegiň we ony döwrüň talabyna laýyk gelýän täze sepgitlere çykarmagyň möhüm şertleriniň biri bolup çykyş edýär. Häzirki wagtda ekerançylaryň döredijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu ulgamda agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmegi bilen pagtanyň, bugdaýyň, gök-bakja önümleriniň bol hasyly alnyp, olar ylmy esasda ösdürilip ýetişdirilýär. Durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriniň çäklerinde, suw hojalygynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine möhüm ugur degişlidir. Bu möhüm pudagyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna ägirt uly maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Bu zatlaryň ählisi bolsa, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan oba hojalyk özgertmeleriniň dowamat dowam bolýandygyny alamatlandyrýar.  

 

Röwşen GYLYÇMYRADOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.