Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Oba hojalygyna sanly ulgamy ornaşdyrmagyň depgini batlanýar
  24.12.2022
656
Oba hojalygyna sanly ulgamy ornaşdyrmagyň depgini batlanýar

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan özgertmeleriniň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň kuwwaty barha güýçlenýär we halkymyzyň ýaşaýyş derejesi günsaýyn ýokarlanýar. Sanly ulgamyň yzygiderli ornaşdyrylyp, maglumatlar tehnologiýalarynyň giňden ýaýbaňlanmagy ykdysady ösüşlere hem oňyn täsirini ýetirýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda maglumat-aragatnaşyk ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, degişli ugurlara öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrmak boýunça öňde goýan wezipeleri hem çalt depginlerde ýerine ýetirilýär. Şol bir wagtyň özünde internet ulgamynyň raýatlara elýeterli bolmagy üçin ähli şertleri döredýän telekommunikasiýalaryň köpugurly ulgamy üstünlikli hereket edýär.  Häzirki wagtda sanly ulgamy ornaşdyrmak çäreleri ähli pudaklar bilen birlikde oba hojalyk pudagynda hem giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz dünýäniň iri kompaniýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyklary saklaýar. Ýakyn birnäçe ýylyň dowamynda döwletimiz tarapyndan satyn alnan «John Deere», «Claas» we beýleki kysymly ýokary öndürijilikli ýörite tehnikalar telematik ulgam bilen üpjün edilen. Bu sanly ulgam oba hojalygynda geçirilýän işleri ýönekeýleşdirmäge, çaltlandyrmaga hem-de tehnikalaryň ýerleşýän ýerine, ýangyjyň sarp edilişine, ulanylýan wagtyna we beýleki ençeme ölçeglere merkezleşdirilen ýagdaýda internete çykyp bolýan islendik ýerden, hatda ykjam telefondan gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Sanlylaşdyrmak işleri pudakda hojalyk hem-de dolandyryş işlerini kämilleşdirmäge şert döredip, önümçilikde bäsdeşlige ukyply, has girdejili önümleri öndürilmegi, goşmaça iş orunlarynyň döredilmegini şertlendirýär. Munuň özi ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan «Watan diňe halky bilen Watandyr, döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer döwlet syýasatynyň doly derejede durmuşa geçirilýändigini aýdyň subut edýär.

Sanly tehnologiýalaryň peýdalanylmagy bilen baglylykda täze ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy peýda boldy. Sanly ykdysadyýet pudakda maglumatlaryň çalt herekete girizilmeginde we öňegidişlikleriň gazanylmagynda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Şeýle-de sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi ýurdumyzda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen, sanly tehnologiýalar pudakda önüm öndürijileriň dünýäniň islendik ýerindäki sarp edijilere elýeterli bolmak mümkinçiligini hem ýokarlandyrýar. 

 

Perman DÖWRANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.