logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Agriculture /Oba hojalygynda däneli ekinleri ýygmaklygyň usullary
  08.12.2023
835
Oba hojalygynda däneli ekinleri ýygmaklygyň usullary

Türkmenistan Watanymyzda oba hojalygynda ulanylýan  däneli ekinleri ýygnamaklygyň usullary barada:

 

- Bir gezekleýin ýygyp almak usuly - haçan-da howanyň ýagdaýy gowy bolanda kombaýn bilen bir gezek geçende hasyly orup hem ýygyp arassalap alynýar;

 

- Iki gezekleýin ýygyp almak usuly - bu usul haçan-da howanyň şertleri çygly bolsa onda 5... 10 gün bişip ýetişmezinden öň däneli ekinleri ýörite oraklaryň kömegi bilen orulyp ýatyrylyp gidilýär, şondan soň durmaly wagtyny alansoň bişip gurap başlaýar we kombaýnlaryň kömegi bilen ýyglyp arassalanyp alynýar.

 

 

Däneli ekinleri orýan oraklar, olary orup tertipläp gitmek üçin niýetlenendir. Bu oraklar topraklara tirkelip we asylyp işleýärler.

ЖBH-6A kysymly däneli ekinleri orup ýatyryp gidýän orak şu aşakdaky iş gurallaryndan düzülip işleýär.

- Motowila;
- hereket geçiriji çekiden;
- plankadan;
- kese elewatordan;
- zynjyrly;
- çekili hereket geçirijilerden;
- orakdan durýar.

 

 

Orak işlän wagty oragyň başmaklary ýeriň yüzüne daýanýar we ýeriň ýüzüni çyzyp gidýär, orak berlen beýiklikde däneli ekinleri orýar, oruljak ekinleri motowilo dyrmyklary bilen oraga berýär orlandan soň orlan ekinler transportir geçirilýär, transportir orlan ekinleri çykaryjy äpişgä süýşürýär we tertipläp goýup gidýär.

 

Aýzada Merdanowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
2-nji ýyl talyby.