logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Agriculture /Oba hojalyk pudagy kämil binýada eýe bolýar
  07.03.2023
1062
Oba hojalyk pudagy kämil binýada eýe bolýar

Ýurdumyz abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap bedew bady bilen okgunly öňe barýar. Watanymyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar. Durmuş ulgamy ykdysadyýeti döwlet tarapyndan kadalaşdyrmagyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ulgamyň döwrebaplaşdyrylmagy, ösüşi işçi güýçleriniň artdyrylmagyny, ýagny iş ýerleriniň köpelmegini şertlendirýär. Ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň çalt depginlerde durmuşa ornaşdyrylmagy bu wezipäniň üstünlikli çözgüdini esaslandyrýar. Şonuň bilen bir hatarda, jemgyýetiň medeni we ruhy ösüşini üpjün edýär. Halk hojalygynyň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda, oba hojalyk ulgamy häzirki wagtda dünýä tejribesiniň gazananlarynyň esasynda kämil binýada eýe bolýar. Ylmyň we tehnikanyň gazananlary, şonuň bilen bir hatarda, öňdebaryjy tejribeler, olary başarnykly ulanmak ýurdumyzy, bu kuwwatly pudagy ösüşlere tarap örän çalt depginlerde äkidiji güýç hökmünde häsiýetlendirilýär. Eziz Watanymyzyň mukaddes topragy, ümmülmez sährasy, deňzi-derýasy bereket çeşmesine öwrülýär. Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň has çalt ösýän döwletleriniň hataryna goşuldy. Bu döwürde ýurtda obasenagat toplumynyň maliýe-ykdysady mümkinçilikleri artýar. Ýerli çig mal we zähmet serişdeleriniň netijeli ulanylmagy pudagyň düşewüntliligini has-da ýokarlandyrdy. Mundan başga-da, pudaga gönükdirilýän maýa goýumlaryň maliýe çeşmelerini kämilleşdirmek, hususy kärhanalary we olaryň serişdelerini ýurdumyzyň düýpli gurluşyk ulgamyna durnukly çekmegi ýola goýmak, düýpli maýa goýumlaryň ykdysady taýdan netijeliligini üpjün etmek boýunça anyk işler meýilleşdirildi. Şeýlelikde, bu ulgamy ösdürmek, şol sanda bilelikdäki iri innowasion kärhanalary hem-de eksport ugurly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri gurmak, azyk üpjünçiligini gowulandyrmak, toplumda täze iş orunlaryny döretmek, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreleri maliýeleşdirmek göz öňünde tutulýar. Häzirki zaman şertlerinde ykdysady taýdan güýçli ösen döwletde oba hojalyk pudagynda ylmyň esasy orny eýeleýändigi aýdyň hakykatdyr. Bu bolsa ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gidilmelidigini, täze ylmy açyşlaryň önümçilige çalt we netijeli ornaşdyrylmalydygyny, innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge döwlet derejesinde aýratyn uly üns berilmelidigini şertlendirýär. 

 

Begli SAPAROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.