logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Agriculture /Oba hojalyk pudagynyň batly gadamlary rowaçlanýar
  17.01.2023
1175
Oba hojalyk pudagynyň batly gadamlary rowaçlanýar

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň täze eýýamynyň Galkynyşy döw­rün­de ýur­du­my­zyň milli yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dü­ril­ýän we öz­ger­dil­ýän döw­rün­de oba ho­ja­ly­k pudagy­ny ös­dür­mä­ge hem uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Häzirki wagtda ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gyn­da öz­gert­me­le­riň giň top­lu­my al­nyp ba­ryl­ýar. Ama­la aşy­ryl­ýan şeý­le öz­gert­me­le­riň, möhüm wezipeleriň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi bol­sa, hal­ky­my­zyň oba ho­ja­lyk önüm­le­ri bi­len do­ly üp­jün edil­me­gi­ne we pu­dak­da zäh­met çek­ýän ilatyň dur­muş şert­le­ri­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na oňyn tä­sir ed­ýär.

Eziz Di­ýa­ry­myz­da oba ho­ja­ly­gyn­da dür­li önüm­le­riň önüm­çi­li­gi­ni art­dyr­mak ba­bat­da tä­ze­çil tek­lip­ler yzygider taý­ýar­lanyl­yp, ola­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa or­naş­dyr­mak iş­leri al­nyp ba­ryl­ýar. Durmuşa geçirilýän işler ila­ty­my­zyň hal-ýag­da­ýy­nyň has-da go­wu­lan­ma­gy­na, şeý­le hem ba­zar­la­ry­my­zyň öz önüm­le­ri­miz bi­len do­lup dur­ma­gy­na sal­dam­ly go­şant goş­ýar. Oba hojalygynda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, pudagyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin, ilkinji nobatda, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaklyk zerurdyr. Bu günki gün döwletimiz bugdaýyň, gowaçanyň, şalynyň, gant şugundyrynyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegi hem-de azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin ähli şertleri döredýär. Şol wezipeler oba hojalygynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmakdan, ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmakdan, ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakdan, olary suwaryş suwy bilen doly üpjün etmekden, pudaga bazar usullaryny ornaşdyrmakdan hem-de hususy telekeçileri giňden çekmekden ybaratdyr. Şu maksat bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap ýyladyşhanalar, sowadyjy ammarlar, maldarçylyk toplumlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar gurulýar.

Ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň netijeli ulgamynyň pudaga yzygiderli ornaşdyrylmagy ilatymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň okgunly ösýändigini, içerki bazarlarda azyk bolçulygynyň üpjün edilýändigini, oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny we hususy pudagyň kuwwatynyň artýandygyny her ädimde duýmak bolýar. Bularyň ählisi bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň asylly başlangyçlary esasynda milli ykdysadyýetimizde amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň oňyn netijeleridir. 

 

Merjen KAZAKOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.