logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Agriculture /Oba hojalyk pudagynyň ösüş depgini artýar
  12.01.2023
1331
Oba hojalyk pudagynyň ösüş depgini artýar

Günsaýyn özgerýän döwletimizde Arkadagly Serdarymyzyň asylly başlangyçlarynyň netijesinde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler bilen birlikde, oba hojalyk toplumynda hem uly sepgitlere ýetilýär. Oba hojalyk pudagy halk hojalyk toplumynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Garaşsyz Watanymyzda oba hojalygyny innowasion çözgütlere we täzeçe pikirlere esaslanýan, ýokary tehnologiýaly pudaga öwürmek babatda uly işler alnyp barylýar. Bu pudagyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin, ilkinji nobatda, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaklyk zerurdyr. Bu gün eziz ýurdumyz edermen ekerançylarymyzyň dürli oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegi üçin ähli şertleri döredýär. Ýurdumyzyň obasenagat toplumyny hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen möhüm wezipeler kesgitlenip, şol wezipeler oba hojalygynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmakdan, ýer we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmakdan, ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmakdan, olary suwaryş suwy bilen üpjün etmekden, pudaga bazar usullaryny ornaşdyrmakdan hem-de hususy telekeçileri giňden çekmekden ybaratdyr. Daýhan birleşikleri we hojalyklary, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri hem-de ylmy-barlag institutlary, kärendeçiler, hususy telekeçiler we beýleki oba hojalyk önüm öndürijiler ýeňillikli bank karzlaryny almaga mümkinçilik aldylar. Diýarymyzyň obasenagat toplumyny özgertmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasaty innowasion esasda ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümleri dünýä bazarlaryna çykarmaga gönükdirilendir. Şu maksat bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap ýyladyşhanalar, sowadyjy ammarlar, maldarçylyk toplumlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar gurulýar. Ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň, öňdebaryjy tejribäniň netijeli ulgamynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy ýer eýelerini täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, dünýäniň belli kompaniýalaryndan dürli görnüşli oba hojalyk tehnikalary hem-de gurallary yzygiderli satyn alynýar, munuň özi işleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegine uly ýardam edýär. Ýokary öndürijilikli, dünýä ölçeglerine gabat gelýän oba hojalyk tehnikalarynyň sanynyň artmagy işleriň hiliniň gowulandyrylmagyna, ekin meýdanlarynyň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna we ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegine ýol açýar. Şeýle-de oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi hem ýylsaýyn ýokarlanýar. Durmuş derejesi we hili babatynda oba ýerlerinde döredilýän şeýle şertler raýatlaryň abadan ýaşaýşyny üpjün edýär. Bularyň ählisi Arkadagly Serdarymyzyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

 

Annamyrat TOSYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.